HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Respublikasy 2025-nji ýyldan elektromobilleri öndürip başlar

Ýanwar 23, 2024 | 15:33 |5077
“BELJI” ýapyk görnüşli ätiýaçlyk paýdarlar jemgyýetine (SZAO) amala aşyran saparynyň dowamynda Prezident Aleksandr Lukaşenko “Belgee X50” modelli awtoulaglaryň binýadynda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan täze elektrik ulaglaryň önümçiligine başlamagy wezipe edip goýdy.“BELJI” ýapyk görnüşli ätiýaçlyk paýdarlar jemgyýetine (SZAO) amala aşyran saparynyň dowamynda Prezident Aleksandr Lukaşenko “Belgee X50” modelli awtoulaglaryň binýadynda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan täze elektrik ulaglaryň önümçiligine başlamagy wezipe edip goýdy.
Çeşme: belta.by

“BELJI” ýapyk görnüşli ätiýaçlyk paýdarlar jemgyýetine (SZAO) amala aşyran saparynyň dowamynda Prezident Aleksandr Lukaşenko “Belgee X50” modelli awtoulaglaryň binýadynda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan täze elektrik ulaglaryň önümçiligine başlamagy wezipe edip goýdy. Bu barada “BELTA” habarlar agentligi mälim edýär.

Žurnalistler bilen bolan söhbetdeşliginde Respublikanyň wise-premýeri Petr Parhomçik şu ýylyň ahyryna çenli hünärmenleriň öňünde elektrik ulaglarynyň düzümlerini öndürmek üçin zerur bolan tehnologiýa kuwwatlyklary döretmek wajyp bolup durýar. Mysal hökmünde aýdylsa, ýokary peseldijili tigirleri öndürip bolar.

Wise-premýer “Biz “BELAZ”, “MAZ” kärhanalarynyň ýük awtoulaglary üçin tigirleri öndürip bileris, ýöne ýeňil awtoulag babatda biziň heniz tejribämiz ýok” diýip belledi.

Şeýle hem senagat taýdan ösen elektrik ulaglary öndürmek we olary sertifikatlaşdyrmak işini tamamlamak möhümdir.

Elektromobil önümçiligine belarus kärhanalaryny, şol sanda “Izmeritel” zawodyny we “Integral” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini çekmek göz öňünde tutulýar.

Elektrik ulagynda “Belgee X50” modelli ilkinji belarus ulagynyň kabinasy bolar. “BELJI” SZAO zawodynda şeýle hem täze ulaglary kebşirlemek, reňklemek we beýleki işleri geçiriler. Bu öz gezeginde, elektromobil önümçiliginiň çykdajylaryny azaltmaga şert döreder.

Petr Parhomçigiň sözlerine görä, zawodyň ilkinji kämil nusgalary bu ýerde ýygnalar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026