HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tbiliside 2024-nji ýylyň “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygaryna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi

Ýanwar 24, 2024 | 09:29 |1368
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi.23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi.
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň binasynda 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryna bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi.

Tegelek stoluň işine «TV-24», «1TV» teleýaýlymlarynyň, «The Georgian Business Week», «News Day Georgia», «Inter Press News» habarlar agentlikleriniň, «Geoecohub» onlaýn neşiriniň wekilleri, şeýle hem «Резонанс», «Многонациональная Грузия», «Свободная Грузия», «Комсомольская правда» gazetleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

2.jpg

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow öz çykyşynda 2024-nji ýylda döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bilen dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry, türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejesinde dabaraly bellenilip geçirilýändigi barada aýtdy. Ilçi, bu sene bagyşlanyp meýilleşdirilýän ýokary derejedäki dabaraly çäreler barada giňişleýin tegelek stoluň gatnaşyjylaryna gürrüň berdi.

3.jpg

Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlap ýazan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynyň çapdan çykandygyny aýtdy.

Bu tegelek stola gatnaşyjylarynyň çykyşlarynda iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmekde şular ýaly çäreleri geçirmegiň möhümdigi nygtadylar. Hususan-da, Gruziýanyň at gazanan žurnalisti, professor Badri Naçkebia öz çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ugry döwletara gepleşikleriň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, bu ugurda Türkmenistan bilen Gruziýa bilelikde alyp barýan işleri döredijilik hyzmatdaşlygyň ajaýyp däpleriniň bardygyny belläp geçdi.

4.jpg

“Geoecohub” onlaýn neşiriniň Baş redaktory Liana Žoržoliani çykyşynda diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatyny hem ýokarlandyrýan ajaýyp söz ussady we filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan çäreler baý edebi mirasy dünýäsinde has giňişleýin öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna goşant goşjakdygyny aýratyn belläp geçdi.

5-1.jpg

“Tegelek stol” maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylara Magtymguly Pyraga bagyşlanan film görkezildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026