HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“JETRO” ýapon kompaniýalaryny çekmek üçin Türkmenistanda şahamçasyny açyp biler

Ýanwar 24, 2024 | 08:55 |8482
Şeýle-de,  şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.Şeýle-de,  şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

22-23-nji ýanwarda Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

«JETRO» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwdanyň ösüşini höweslendirmek boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi. Hususan-da, birek-biregiňkide söwda wekilçilikleriniň, biziň ýurdumyzda we Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga gönükdirilen kiçi we orta telekeçileriň özüne çekijiligini artdyrmak maksady bilen «JETRO» guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüniň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar gurnaldy. Şeýle-de, şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.

zzad3hO7QQEockKzJnF9Mo5iDSWTc3-1500x800.jpg

«NEXI» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, Türkmenistanda ähmiýeti uly bolan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine dürli maýa goýum guramalarynyň çekilmeginiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, taraplar uly ähmiýete eýe bolan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026