

TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümlerine uly isleg görkezildi
Sişenbe güni, 23-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy.


Sişenbe güni, 23-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň önümleri uly islegden peýdalandy.


Daşkent şäherinde geçýän «Innoprom. Merkezi Aziýa» sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň NAMI Döwlet ylmy merkezi dünýäde iň kuwwatly we taryhda ilkinji wodorod awtoulagy NAMI Hydrogen bilen tanyşdyrdy.


7-nji maýda «Apple» nobatdaky çäresini geçirer, onuň dowamynda täze «iPad» enjamlarynyň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Çärä çakylyklar eýýäm iberildi, mahabat şekillerinde bolsa «Apple Pencil» elektron galamy ýerleşdirilipdir, munuň özi bu ugurdaky täze önümlere degişli aýdyň yşaratdyr.


Rumyniýada ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň 4-nji mejlisi geçdi. Düzüminde dürli ulag agentlikleriniň we kompaniýalarynyň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde Rumyniýada iş saparynda boldy. Toparyň mejlisi Buharest şäherinde we Konstansa portunda geçirildi.


HMD Global kompaniýasy Heineken hem-de Bodega bilen bilelikde “Boring Phone” telefonyny döretdiler.


23-nji martda, sişenbe güni Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron paýtagtymyza sapar bilen geldi.


2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Hessen federal ýeriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda Hessen ýeriniň döwlet kanselýariýasynda (Wisbaden şäheri) bu ýeriň Federal, Ýewropa we halkara işleri we býurokratiýasyzlaşdyrmak ministri Manfred Pents bilen Hessende akkreditirlenen täze bellenen daşary ýurtly konsullar bilen duşuşyk geçirildi.


Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 21-27-nji aprelde Gruziýada sapar bilen bolýar. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalarynyň Gruziýanyň parlamentinde Býujet we maliýe boýunça kabinetiň başlygynyň birinji orunbasary Gogi Meşweliany we bu komitetiň hünärmenleri bilen tanyşlyk duşuşygy boldy.


Belarusda milli operasion ulgamy, hususy web-brauzeri we ofis programmalarynyň toplumyny döretmek maksat edinilýär. Munuň özi ýurduň sanly özygtyýarlylygyny üpjün etmek meýilnamasy esasynda göz öňünde tutulýar diýip, Respublikanyň aragatnaşyk we maglumat ministri Konstantin Şulgan aýtdy.


Garagalpagystanda ozal Aral deňziniň eýelän ýerlerinde bal öndürmegi meýilleşdirýärler diýip, «Westnik Kawkaza» maglumat-seljeriş agentligi habar berýär.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň iň gowy nyşanyny saýlamak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijelerine görä, ýylyň nyşany hökmünde açylan gül saýlandy.


Emeli aň tizlendirijilerini işläp düzmäge ýöriteleşen amerikan başlangyç kompaniýasy «Cerebras Systems» Kaliforniýanyň Stokton şäherinde maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça «Nautilus Data Technologies» ýüzýän maglumat merkezinde enjamlaryny oturdar diýip, «Datacenter Dynamics» habar berýär.


«Boeing» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli uçarmansyz uçýan taksileri bilen Aziýanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär diýip, Ýaponiýanyň iň iri mediakorporasiýalarynyň biri bolan «Nikkei Asia» «Boeing» kompaniýasynyň tehniki direktory Todd Sitronyň sözlerine salgylanyp habar berýär.


Duşenbe güni, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň önümlerine uly isleg bildirildi.


Belarus uniwersitetleri Türkmenistandan zehinli dalaşgärler üçin gapylaryny açýarlar. Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň Aşgabatdaky resmi wekili bolan «Ideýa+» agentligi türkmen ýaşlaryny abraýly talyplar jemgyýetiniň bir bölegi bolmaga we 2024-2025-nji okuw ýylynda bakalawriat, magistratura, aspirantura we doktorantura ugurlary boýunça ýokary bilim almaga çagyrýar.