HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Boeing» 2030-njy ýyla çenli Aziýada uçarmansyz uçýan taksileri işe girizer

Aprel 23, 2024 | 20:47 |5160
«Boeing» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli uçarmansyz uçýan taksileri bilen Aziýanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär diýip, Ýaponiýanyň iň iri mediakorporasiýalarynyň biri bolan «Nikkei Asia» «Boeing» kompaniýasynyň tehniki direktory Todd Sitronyň sözlerine salgylanyp habar berýär.«Boeing» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli uçarmansyz uçýan taksileri bilen Aziýanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär diýip, Ýaponiýanyň iň iri mediakorporasiýalarynyň biri bolan «Nikkei Asia» «Boeing» kompaniýasynyň tehniki direktory Todd Sitronyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
Çeşme: 3dnews.ru

«Boeing» kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli uçarmansyz uçýan taksileri bilen Aziýanyň bazarlaryna çykmagy maksat edinýär diýip, Ýaponiýanyň iň iri mediakorporasiýalarynyň biri bolan «Nikkei Asia» «Boeing» kompaniýasynyň tehniki direktory Todd Sitronyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Bu ugurda «Boeing» kompaniýasyna golçur kärhanasy bolan «Wisk Aero» kömek eder, ol awiasiýa ägirdi tarapyndan satyn alynmazdan ozal dik uçuş we gonuş aýratynlyklary bolan ýolagçy ulaglaryny işläp düzýän başlangyç kompaniýasydy.

«Boeing» ýakynda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde hususy gözleg merkezini açdy we ol kompaniýanyň ABŞ-dan daşarda ýerleşýän ýedinji merkezi boldy.

Häzirki wagtda «Boeing» kompaniýasynyň Ýaponiýadaky gözleg merkezinde 12 ýurtdan 27 hünärmen işleýär. Geljekde kompaniýa olaryň sanyny 50 adama ýetirmegi meýilleşdirýär.

«Boeing» awtoulag öndürijileri we wodorod ýangyç öýjüklerini üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, çünki onuň awiasiýada ulanylmagy çekiş akkumulýatorlarynyň artykmaç agramy bilen baglanyşykly meseleleri çözýär.

Ýaponiýadaky merkez uçarlary öndürmek we taslamasyny düzmek üçin sanly serişdeleri işläp düzmek, ekologiýa taýdan arassa ýangyç hem-de wodorod ýangyç öýjüklerini döretmek bilen meşgullanar.

Şeýle hem «Boeing» kompaniýasynyň hünärmenleri önümçiligi awtomatlaşdyryş serişdelerine we uçarlaryň korpusy üçin täze materiallary öndürmäge ünsi jemlärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026