HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aralyň boýunda bal arylaryny ösdürip ýetişdirmek maksat edinilýär

Aprel 23, 2024 | 21:04 |5951
Garagalpagystanda ozal Aral deňziniň eýelän ýerlerinde bal öndürmegi meýilleşdirýärler diýip, «Westnik Kawkaza» maglumat-seljeriş agentligi habar berýär.Garagalpagystanda ozal Aral deňziniň eýelän ýerlerinde bal öndürmegi meýilleşdirýärler diýip, «Westnik Kawkaza» maglumat-seljeriş agentligi habar berýär.
Çeşme: vestikavkaza.ru

Garagalpagystanda ozal Aral deňziniň eýelän ýerlerinde bal öndürmegi meýilleşdirýärler diýip, «Westnik Kawkaza» maglumat-seljeriş agentligi habar berýär.

Şeýlelikde, Aral deňziniň baly bu ugurda täze haryt nyşanyna öwrülip biler. Munuň üçin hünärmenler bal önümçiliginde ulanylýan tamariks ösümligini ösdürip ýetişdirerler.

«Biz eýýäm 2 müň gektardan gowrak meýdana tamariks ekdik. Bir gektar meýdandaky gülleýän tamariksden 50 kg bal öndürip boljakdygyny belläsim gelýär. Şonuň üçin şu ýyldan başlap Aral deňziniň guran düýbünde bal önümçiligini ösdüreris» diýip, Özbegistanyň Tokaý hojalygy milli gözleg institutynyň barlaghanasynyň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Zinowiý Nowiskiý «Aral sebitiniň hoşniýetli ilçileri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Tamariks – çägeli topraklary durnuklaşdyrmak üçin ulanylýan hemişe gök öwüsýän, duzlulyga çydamly ösümlik. Gülleýän döwründe şahalary gülgüne güller bilen örtülýär, şonuň üçin tamariks bezeg ösümligi hökmünde ösdürilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026