

Türkmen diplomaty GDA-nyň Baş sekretary bilen Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.



















