Habarlar

GDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlarGDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlar

GDA-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşi we Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasy19-njy martda ýygnanyşarlar

Arkalaşygyň agza döwletleriniň Hemişelik Doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň we Arkalaşygyň esasy we beýleki edaralary bilen GDA-nyň Ykdysady Geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Komissiýasynyň bilelikdäki mejlisiniň 2024-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilmegine garaşylýar. Ýakynda geçiriljek mejlisiň gün tertibiniň taslamasy 21-nji fewralda Moskwada geçirilen Ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň mejlisinde tassyklandy, şonda GDA-na agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýärGurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

21-nji fewralda Aşabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki transport boýunça komiteti Türkmenistanyň işine ýokary baha berdiBMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki transport boýunça komiteti Türkmenistanyň işine ýokary baha berdi

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki transport boýunça komiteti Türkmenistanyň işine ýokary baha berdi

2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy Ženewada geçýän Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki transport boýunça komitetiniň 86-njy mejlisine gatnaşdy. ABŞ, Niderlandlar, Nigeriýa we Saud Arabystany ýaly ýurtlaryň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda ýurdumyzyň Agentliginiň başlygy hem “ýaşyl port” halkara ölçeglerine esaslanyp taslamalaşdyrylan we gurlan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mysalynda “2050-nji ýyla çenli içerki transporty dekarbanizasiýa geçirmek boýunça milli garaýyşlar we syýasy ambisiýa” atly tema bilen çykyş etdi. Şeýle hem BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy, Halkara ýol federasiýasy (IRF) we BMG-niň söwda we ösüş boýunça maslahaty (UNCTAD) ýaly halkara guramalaryň wekilleri çykyş etdiler.