HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Açylan gül GDA-da Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň nyşany boldy

Aprel 23, 2024 | 20:58 |4986
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň iň gowy nyşanyny saýlamak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijelerine görä, ýylyň nyşany hökmünde açylan gül saýlandy.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň iň gowy nyşanyny saýlamak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijelerine görä, ýylyň nyşany hökmünde açylan gül saýlandy.
Çeşme: dobro.press

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň iň gowy nyşanyny saýlamak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijelerine görä, ýylyň nyşany hökmünde açylan gül saýlandy.

Täze nyşan agzybirligi we bitewiligi aňladýar. Gül ýapraklarynyň sany hem tötänleýin saýlanmady – ýedilik ösüşi, ruhubelentligi we jogapkärçiligi aňladýar.

«Gülüň her bir ýapragy beýlekilerden aýratyn ýerleşýär, ýöne olar bilelikde bitewi güli emele getirýärler. Meýletinçiler hereketiniň esasy wezipesi – uzak aralykda hem jebis bolmak şekillendirilen görnüşde şeýle görünýär» diýip, GDA-da meýletinçiligi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş topary teswir berdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň iň gowy nyşanyny saýlamak boýunça halkara bäsleşigi GDA-da meýletinçiligi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş toparynyň goldaw bermeginde Russiýanyň MIREA tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan guraldy. Oňa Belarusdan, Russiýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan 36 döredijilik işgäri gatnaşdy.

Ýeňiji GDA-nyň Ýaşlaryň işleri boýunça geňeşiniň mejlisinde yglan edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Meýletinçiler hereketiniň ýyly Russiýanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýletinçiligiň abraýyny ýokarlandyrmaga we bu gurama agza döwletleriň jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda öňdebaryjy tejribäni alyşmagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026