Habarlar

Türkmenistandan ýaş zenanlary ÝHHG-nyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýarTürkmenistandan ýaş zenanlary ÝHHG-nyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistandan ýaş zenanlary ÝHHG-nyň talyp hakly maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda aýal-gyzlary goldamak ugrundaky tagallalarynyň çäginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy magistr derejesini almak üçin ikinji kabul edişligi yglan edilýär. Bu ajaýyp mümkinçilik ýaşaýyş jaýy, ulag we aýlyk talyp haky ýaly doly tölegli okuwy şertlendirýär. Bu maksatnama 2024-nji ýylyň 2-nji sentýabryndan 2025-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli Nemes-Gazak uniwersitetinde geçiriler.

Bakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldyBakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldy

Bakuda türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azady baradaky kitap tanyşdyryldy

Azerbaýjanda XVIII asyryň görnükli türkmen akyldary we şahyry Döwletmämmet Azadynyň döredijiligi barada azerbaýjan we rus dillerinde neşir edilen ««Вагзы-Азат»: вчера, сегодня, завтра. Об утопическом или реальном мире рассуждал Довлетмаммед Азади?» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu kitaby meşhur azerbaýjan publisisti, syýasatşynas, CBC teleýaýlymynda gepleşigiň alyp baryjysy Teýmur Ataýew ýazdy, diýip АЗЕРТАДЖ habar berýär.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilişi baradaky makala Ukrainanyň meşhur žurnalynyň sahypalaryndaMagtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilişi baradaky makala Ukrainanyň meşhur žurnalynyň sahypalarynda

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenilişi baradaky makala Ukrainanyň meşhur žurnalynyň sahypalarynda

2024-nji ýylyň maý aýynyň ahyrynda Ukrainanyň meşhur “Kyiv Diplomatic” žurnalynyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň milli şahyry, dünýä edebiýatynyň görnükli wekili, türkmen nusgawy edebiýatyny we edebi dilini esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy: görnükli türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyl dönümi” ady bilen giň göwrümli makala çap edildi. Makala Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy tarapyndan taýýarlanyldy.