

TDHÇB-de söwdalar: ýeňil senagat we nebithimiýa önümleri ýerlenildi
Sişenbe güni, 4-nji iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagat we nebithimiýa pudagynyň önümleri ýerlenildi.


Sişenbe güni, 4-nji iýunda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýeňil senagat we nebithimiýa pudagynyň önümleri ýerlenildi.


Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýöriş gurady. Bu baýram Türkmenistan tarapyndan teklip edilen we BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, 2018-nji ýyldan bäri bellenilýär.


Türkmenistanyň telekeçileri Astana we Almaty şäherleriniň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Gazagystana çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.


OPEK+ guramasy nebiti çykarmagy azaltmak baradaky ylalaşygy tutuş 2025-nji ýyl üçin uzaltmak kararyna geldi. Bu barada Bloomberg habarlar agentligi guramanyň mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edilen beýannama salgylanyp habar berýär.


Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri“Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, polipropileni, binýatlyk ýagy,şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen gaplaryny we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýolbaşçylary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 60-njy maslahatyna gatnaşdylar.


Duşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar


Geçilen aralygy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Tejen — Aşgabat bölegi boýunça goýlan welosipedli ýöriş Aşgabatda tamamlandy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.


Hytaýyň «Çane-6» atly awtomatiki planetara stansiýasynyň uçuş moduly Aýyň arka tarapynda toplanan toprak nusgalaryny emeli hemranyň orbitasyna çykardy. Bu waka ýerdäki kosmonawtikanyň taryhynda täze bir sahypany açýar, sebäbi alymlarda heniz Ýeriň hemrasynyň görünmeýän tarapyndan alnan toprak nusgalary ýokdy.


«Intel» amerikan kompaniýasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan fewral aýynda geçirilen 90% gaýtadan işlenip bilinýän ekologiýa taýdan arassa kompýuter (Green PC) konsepsiýasynyň tanyşdyryşyndan soň, iri öndürijiler hususy kompýuterleriň ekologiýa taýdan arassalygyny bahalandyrmak üçin birnäçe standartlary çykardylar.


Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady.


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky Ýurt boýunça edarasy BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy bilen bilelikde gämileriň sanitariýa barlagyny geçirmek we gämi sanitariýa şahadatnamalaryny bermek boýunça okuw sapagyny gurady.


3-nji iýunda BMG-niň ştab-kwartirasynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň başlangyjy boýunça Bahreýniň, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Kataryň, Latwiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Ekwadoryň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde guraldy.


3-nji iýunda Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçdi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Katar wekiliýetine bolsa daşary işler döwlet ministri Sultan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.


Italiýanyň birnäçe uniwersitetleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we italýan dilini Türkmenistanda ýaýmak maksady bilen, türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen gepleşikleri alyp barýarlar. Bu barada Italiýanyň ilçisi Luiji Ferrari Italiýa Respublikasynyň 78 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen kabul edişlikdäki çykyşynda aýtdy.