HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahandaky konsullyk edarasynda geçen duşuşykda Türkmenistan üçin hünärmenleri taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýun 06, 2024 | 00:12 |11248
Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Aleksandr Newalennyý bilen duşuşdy.Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Aleksandr Newalennyý bilen duşuşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Astrahandaky konsulluk edarasy tarapyndan berlen

Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Gadam Ilamanow Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň rektory Aleksandr Newalennyý bilen duşuşdy.

Duşuşyk 5-nji iýunda Türkmenistanyň konsullygynda geçdi. Duşuşyga Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniň wekiliýeti gatnaşdy.

Taraplar Türkmenistan üçin hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim, balyk hojalygy we nebitgaz ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ADTU-nyň Hazarýaka döwletleriniň arasynda özara gatnaşyklary guramakda we ilerletmekde möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň assosiasiýasynyň Baş Assambleýasy sebit we ADTU üçin möhüm waka bolar.

Häzirki wagtda ADTU-da 170-den gowrak türkmen talyby bilim alýar diýip, konsullykda habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026