HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tutuş dünýäden bilermenler Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegi ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemlenerler

Iýun 06, 2024 | 12:25 |10829
2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda, Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň bütindünýä gününde Germaniýanyň Bonn şäherinde ählumumy çäre geçiriler.2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda, Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň bütindünýä gününde Germaniýanyň Bonn şäherinde ählumumy çäre geçiriler.
Çeşme: carececo.org

2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda, Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň bütindünýä gününde Germaniýanyň Bonn şäherinde ählumumy çäre geçiriler.

BMG-niň Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli bu çäre Germaniýanyň hökümeti tarapyndan guralar.

Şu ýylyň “Dünýäniň hatyrasyna birleşmek: Biziň mirasymyz. Biziň geljegimiz” atly şygaryna laýyklykda çärede ählumumy abadançylygyň we durnuklylygyň bähbidine sagdyn topraklary geljekki nesiller üçin gorap saklamak meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahat hökümet baştutanlaryny, ylmy we raýat jemgyýetçiliginiň wekillerini, ýaşlary ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak ugrunda çykyş etmek, Ýeri gorap saklamagyň bähbidine birleşmäge berk ygrarlydyklaryny görkezmek üçin bir ýere jemlär.

Hususan-da, gatnaşyjylar ýer serişdelerini dolandyrmak işini özgertmekde ýaş liderleriň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşarlar, şu ýylyň 2-13-nji dekabrynda Er-Rýadda geçiriljek BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty babatda pikir alşarlar.

Çölleşme, ýerleriň şorlaşmagy we gurakçylyk dünýäniň azyk üpjünçiligine howp salýar, sil almalaryň we tokaý ýangynlaryň töwekgelçiligini artdyrýar.

Azyk ulgamyny özgertmek hem-de ýer serişdelerini dikeltmek işine ýaşlary çekmegiň 2023-njy ýyla çenli 600 million iş ornuny döretmäge ýardam berip biljekdigini bellemek gerek.

Çäräni şu salgyda görüp bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026