HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Iýun 06, 2024 | 16:58 |10998
5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda döredildi we jemgyýete daşky gurşawyň ýagdaýy barada habar bermek üçin iň iri ählumumy platformalaryň birine öwrüldi.5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda döredildi we jemgyýete daşky gurşawyň ýagdaýy barada habar bermek üçin iň iri ählumumy platformalaryň birine öwrüldi.
Çeşme: yarecologia.ru

5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Ol BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda döredildi we jemgyýete daşky gurşawyň ýagdaýy barada habar bermek üçin iň iri ählumumy platformalaryň birine öwrüldi.

Onlarça million adam bütin dünýäde geçirilýän onlaýn we gönüden-göni gatnaşylýan çärelere, dabaralara we aksiýalara gatnaşýar.

Bu ýyl Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli habar beriş çäresi ýerleri dikeltmek, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreş meselelerine bagyşlandy hem-de «Biziň topragymyz. Geljegimiz. Biz #DikeldijiNesil» şygary astynda geçirildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi bellemek üçin halkara derejeli çäreler Saud Arabystany Patyşalygynda geçiriler.

1973-nji ýyldan bäri her ýylda geçirilýän bu baýram Durnukly ösüş maksatlarynyň ekologik maksatlaryna ýetmekde öňe gidişligi ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu baýramçylyga her ýyl 150-den gowrak ýurt gatnaşýar. Iri korporasiýalar, hökümete dahylsyz guramalar, jemgyýetler, hökümetler we dünýäniň meşhur şahsyýetleri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi ekologiýany goramak üçin ulanýarlar.

2024-nji ýylda BMG-niň Çölleşmä garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Ol döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmek we gurakçylygyň täsirini azaltmak ugrundaky halkara, sebit, milli we ýerli derejedäki tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş baradaky Konwensiýasynyň taraplarynyň Maslahatynyň 16-njy mejlisi 2024-nji ýylyň 2 – 13-nji dekabry aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026