Habarlar

Future Skills4All Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýärFuture Skills4All Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär

Future Skills4All Türkmenistanyň ýaşlarynyň iş üpjünçilik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär

BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy Bilim taslamasy bilen hyzmatdaşlykda türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak we hünär başarnyklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen Future Skills4All başlangyjyna goşulýar. Hünär başarnyklaryny ösdürmek boýunça bu başlangyç Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasy hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin durnukly jemgyýetçilikleri ilerletmek” atly sebit taslamanyň Türkmenistan boýunça şahamçasynyň çäklerinde amala aşyrylýar.

Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdiÖzbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

15-nji maýda Daşoguz şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow Daşoguz welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow bilen duşuşdy. Gepleşigiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň we Daşoguz welaýatyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy barada möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildiECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

Jemleýji resminama “Ösüş maliýeleşdirmesini güýçlendirmek üçin ulag we energiýa birikmesi boýunça ýokary derejeli diolog: BMG-nyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin «Durnukly ulagyň onýyllygy» - energiýa birikmesi üçin Aşgabat platformasy” ady bilen Baş Assembleýanyň 78-nji sessiýasynyň jemleýji resminamasy hökmünde kabul edilip, BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.

«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy

«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Stambul şäherinden gelýän ýükleri «MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.» kompaniýasynyň howa gämilerinden düşürip, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystan Respublikasynyň Aktobe şäherine ugradyldy.