HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministrleri Ankarada syýasy geňeşmeleri geçirdiler

Awgust 14, 2024 | 21:05 |14353
Şu gün, 14-nji awgustda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatalar geçirildi.Şu gün, 14-nji awgustda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatalar geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Şu gün, 14-nji awgustda Ankarada Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatalar geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, türk wekiliýetine bolsa – daşary işler ministri Hakan Fidan ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň Baştutanlarynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň tagallalary bilen däbe öwrülen çalt depginde we üstünlikli ýagdaýda ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi barada belläp geçdiler.

Ýokary we iň ýokary derejeli gatnaşyklar, iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň geçirýän yzygider maslahatlary bu gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm faktor bolup hyzmat edýändigi barada aýratyn bellenildi. DIM-iň habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu babatda şu ýyl amala aşyryljak saparlara we duşuşyklara aýratyn üns berildi.

14082024-mid-turkmenistana-i-turcii-proveli-politicheskie-konsultacii (3).jpg

Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri, hökümetara hyzmatdaşlygy, ylalaşdyryjy-hukuk binýadynyň berkidilmegi barada hem ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň söwda-ykdysady we ynsanperwer ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzamtdaşlyga, hem-de halkara we sebit guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga uly üns berýändikleri barada belläp geçdiler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-türk döwletara komissiýasynyň hem-de Türkmen –türk işwerülik geňeşiniň orny barada bellediler. Energetika we ulag pudaklary boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de taraplar medeni dialogyň giňeldilmegi barada maslahatlaşdylar. Ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine hem gyzyklanma bildirildi.

14082024-mid-turkmenistana-i-turcii-proveli-politicheskie-konsultacii (2).jpg

13-nji awgustda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde konsullyk meseleler barada maslahatlar, ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ylalaşdyrjy-hukuk binýadynyň inwentarizasiýasy we kämilleşdirilmegi barada maslahatlar, şeýle-de Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň Maglumat howpsuzlygy bölümleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary geçirildi. Maslahatlara Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri hem-de iki ýudruň degişli edaralary gatnaşdy.

Konsullyk meseleler boýunça maslahatyň dowamynda taraplar konsullyk we wiza pudagynyň birnäçe meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyrlar. Konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak boýunça teklipler diňlenildi.

Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri häzirki wagtda hereket edýän döwletara, hökümetara hem-de ministrlikleriniň arasyndaky ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, hem-de taraplaryň garamagynda bolan resminamalaryň taslamasynyň sanawyny derňediler.

Maglumat howpsuzlygy ugry boýunça taraplar kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde hem-de wirtual tehnologiýalary ulanmak bilen baglanyşykly howplara garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Ankara şäherindäki “Türkmenistan” seýilgähinde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026