HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatylaryny gowşurdy

Awgust 14, 2024 | 21:40 |13064
13-nji awgustda Sloweniýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew bu ýruduň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara ynanç hatlaryny gowşurdy.13-nji awgustda Sloweniýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew bu ýruduň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara ynanç hatlaryny gowşurdy.
Çeşme: Daniel Nowakovich/STA

13-nji awgustda Sloweniýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew bu ýruduň Prezidenti Nataşa Pirs-Musara ynanç hatlaryny gowşurdy.

Sloweniýanyň Baştutany türkmen diplomaty bu ýokary derejeli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde uly üstünlikleri arzwu etmek bilen iki ýurduň halklarynyň düýp bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky dostlukly we sylagly gatnaşyklarynyň dowam etdiriljekdigine ynanç bildirdi.

Türkmenistanyň ilçisi Sloweniýanyň Prezidentini hyzmatdaşlygyň, özara düşünişmegiň we özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulan däplerini dowam etdirmek üçin gerekeli işleriň geçiriljekdiginde ynandyrdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara guramalarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogynyň işjeňleşdirilmegiň ähmiýeti barada bellenildi, şeýle-de özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mundan beýläk ösdürilmegi barada hem aýratyn bellenildi.

Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-slowen hökümetara komissiýasynyň ähmiýetli orny barada nygtayp geçildi. Russiýa Federasiýasynda türkmen ilçihanasynyň saýtynda habar berilmegine görä, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Nataşa Pirs-Musar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag sözlerini ýollady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026