

Türkiýede halkara howa menzili açyldy
Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.


Türkiýäniň günortasyndaky Mersin sebitinde ýylda 9 million ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen täze Çukurowa halkara howa menzili açyldy. Bu barada Anadoly habarlar agentligi habar berýär.


Şenbe güni, 10-njy awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa pudagynyň önümleri satyldy.


12-nji awgustda Awazada “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly Maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanylyp geçirilen bu Maslahat Türkmenistanyň hökümetiniň agzalaryny we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny, daşary ýurt ilçilerini, halkara we sebit guramalarynyň bilermenlerini bir ýere jemledi.


Duşenbe güni, 12-nji awgusta Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan we Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew şu ýylyň güýzünde Bişkek şäherinde geçiriljek Türki döwletleriň guramasnyň (TDG) 11-nji Sammitine görülýän taýýarlyk işleri barada telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdyrlar.


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen matematika boýunça 31-nji Halkara ders bäsleşigine gatnaşyp, 14 sany – 3 altyn, 3 kümüş we 8 bürünç medala eýe boldular.


Şu gün Brýusselde Türkmenistanyň Belgiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň Baş sekretariatynyň Hukuk gullugyna Türkmenistan tarapyndan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de oňa agza döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyny tassyklamak baradaky resminama berildi.


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


Fransiýanyň emeli hemra operatory “Eutelsat” bahasy takmynan €790 million ($863 million) ýerüsti hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýa döretmek isleýändigini mälim etdi.


Astanada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VI konsultatiw duşuşygynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon indiki ýyl Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Senagat ministrleriniň ilkinji duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.


9-njy awgustda nobatdan daşary parlament saýlawlary bilen baglanyşykly şu gün Azerbaýjanda saýlawdan öňki wagyz işleri möwsümi başlandy. Bu barada “Report” habarlar agentligi habar berýär.


Dünýäniň dürli künjeklerinden wokalçylar, meşhur gazak operaçysy we estrada aýdymçysy Roza Baglanowanyň adyny göterýän Halkara wokal bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Gazagystan Respublikanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, “Kazinform” halkara habarlar gullugy habar berýär.


“Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň golçur kärhanasy “Glawkosmos” paýdarlar jemgyýeti Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) dolandyrylýan täjirçilik uçuşlary üçin maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi.


11-nji awgustda, Ýekşenbe güni, Pariž şäherinde Olimpiýa oýunlarynyň-2024 ýapylyş dabarasy geçirildi.


Seul şäherinde “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Maslahatynyň ýerine ýetiriji komitetiniň Sekretariatynyň 15-nji mejlisi geçirildi.


Owganystanyň Şäher ösüşi we ýaşaýyş jaý gurluşyk Ministrligi häzirki wagtda Deh Sabzda “Täze Kabul” taslamasynyň birinji tapgyrynyň ikinji bölegi boýunça işleriň alnyp barylýandygy hem-de häzirki wagtda bu işleriň 25 % tamamlandygy barada habar berdi.