Habarlar

Astanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisi geçirildiAstanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisi geçirildi

Astanada Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň Müdiriýetiniň birinji mejlisi geçirildi

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Kanat Bozumbaýewiň ýolbaşçylygyndaky bu çärä Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nurjan Nurjigitow, AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ashat Orazbaý, Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Suleýmon Ziýozoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew, Özbegistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Şuhrat Ganiýew, Gyrgyzystanyň Gazagystandaky ilçisi Dastan Dýuşekeýew gatnaşdy diýip, “Primeminister.kz” habar berýär.

Lawrow Hazarýaka ýurtlarynyñ diplomatlary bilen Türkmenistanda geçiriljek ministrleriñ duşuşygy barada maslahatlaşdyLawrow Hazarýaka ýurtlarynyñ diplomatlary bilen Türkmenistanda geçiriljek ministrleriñ duşuşygy barada maslahatlaşdy

Lawrow Hazarýaka ýurtlarynyñ diplomatlary bilen Türkmenistanda geçiriljek ministrleriñ duşuşygy barada maslahatlaşdy

Russiýa Federasiýasynyñ Daşary işler ministrliginiñ ýolbaşçysy Sergeý Lawrow Hazarýaka döwletleriniñ Ilçihanalarynyñ wekilleri bilen Hazar "bäşligi" (Russiýa, Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Türkmenistan" formatyndaky hyzmatdaşlygyñ ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyñ DIM-niñ habarynda aýdylýar.

Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldyDaşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy

Daşoguz welaýatynda aragatnaşyk pudagynyň täze döwrebap edara binalary açyldy

18-nji sentýabrda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar döwrümiziň badyna tizlik berýän başlangyçlary bilen, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde aragatnaşyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly edara binasynyň hem-de kömekçi binalaryň açylyş dabarasy geçirildi.

CNPC-iň Afrika üçin dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakdaky işleriCNPC-iň Afrika üçin dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakdaky işleri

CNPC-iň Afrika üçin dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakdaky işleri

Çaddan gelen CNPC-iň nebiti gaýtadan işleýän zawodyň 30 işgäri, Hytaýyň Ýumen nebit ýatagynda üç aýlap hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryndan soň synaglaryndan üstünlikli geçip, CNPC-iň şahadatnamalaryny aldylar. CNPC ilkinji gezek bilelikdäki daşary ýurtdaky kärhanalarynda işgärleriň hünär ussatlygyna baha bermek ülňülerini durmuşa geçirdi we daşary ýurtly işgärlere degişli şahadatnamalary berdi.

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýarTürkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar

17-19-njy sentýabrda Russiýa Federasiýasynyň Başkortostan Respublikasynyň paýtagty GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyny kabul edýär. Ufa ilkinji gezek Arkalaşygyň çäklerinde esasy ynsanperwer çäräniň geçiriljek ýerine öwrüldi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň 200-e golaý wekiliniň gatnaşýan giň gerimli çäresi 2006-njy ýyldan bäri GDA-nyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda gezekli-gezegine geçirilýär. Forum GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasy tarapyndan gurnaldy.