HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Owgantelekom”: “Türkmentelekom” bilen hyzmatdaşlygy 20 ýylyň dowamynda ösdürilip gelinýär”

Noýabr 15, 2024 | 11:00 |7429
“Owgantelekom” kompaniýasynyň wekili Mohammad Zafar “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada öz pikirleri bilen paýlaşdy. Ol “Owgantelekom”-yň bu çärä her ýyl gatnaşmagy Türkmenistanyň tehnologiýa ösüşini synlamaga mümkiçilik berýändigi barada belledi.“Owgantelekom” kompaniýasynyň wekili Mohammad Zafar “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada öz pikirleri bilen paýlaşdy. Ol “Owgantelekom”-yň bu çärä her ýyl gatnaşmagy Türkmenistanyň tehnologiýa ösüşini synlamaga mümkiçilik berýändigi barada belledi.
Çeşme: Orient.tm

Düýn Aşgabatdaky “Türkmentel-2024” atly sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde “Owgantelekom” kompaniýasynyň wekili Mohammad Zafar “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy barada öz pikirleri bilen paýlaşdy. Ol “Owgantelekom”-yň bu çärä her ýyl gatnaşmagy Türkmenistanyň tehnologiýa ösüşini synlamaga mümkiçilik berýändigi barada belledi.

“Türkmentelekom” bilen bizi, takmynan, 20 ýylyň dowamyndaky netijeli hyzmatdaşlyk birleşdirýär – diýip, Mohammad Zafar aýratyn belledi. – Bizde göni optiki aragatnaşyk ýola goýulan, we biz bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ynam bildirýäris”.

Onuň aýtmagyna görä, ýakyn geljekde TOPH taslamasy we demir ýol ugurlarynyň gurulmagy ýaly täze başlangyçlar gatnaşyklary pugtalandyrmaga has uly mümkinçilikleri açyp berer. Bu bolsa sebitleriň arasynda ösüp barýan infrastruktura gatnaşyklarynyň zerurlyklaryny kanagatandyrmak üçin häzirki zaman aragatnaşyk ugurlarynyň, hususan-da, optiki simleriň ösüşini talap edýär.

Zafar munuň ýaly taslamalar arkaly “Türkmentelekom” we “Owgantelekom” hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam edip, sebitde telekommunikasiýa hyzmatlarynyň gowulandyrylmagyna ýardam edip biljekdigi barada nygtap geçdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026