HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Daşkent ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seretdiler

Noýabr 15, 2024 | 18:55 |10454
15-nji noýabrda, anna güni Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy15-nji noýabrda, anna güni Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

15-nji noýabrda, anna güni Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar iň ýokary derejedäki dostlukly we ynamdar syýasy gepleşiklere esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösüşini bellediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda şu ýylda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Söwda-ykdysady ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ýangyç-energetika pudagynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagaaýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň hem-de iki ýurduň milli önümleriniň sergilerini geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Ozal 20–21-nji noýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Özbek harytlarynyň sergisiniň we Türkmenistan bilen Özbegistanyň sebitara forumynyň geçiriljekdigi habar berildi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026