HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmengaz” Döwlet konserni material we tehniki serişdelerini satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan etdi

Noýabr 15, 2024 | 14:04 |6493
“Türkmengaz” Döwlet konserni kompaniýanyň zerurlyklary üçin material we tehniki serişdelerini satyn almak boýunça açyk bäsleşigini geçirýär:“Türkmengaz” Döwlet konserni kompaniýanyň zerurlyklary üçin material we tehniki serişdelerini satyn almak boýunça açyk bäsleşigini geçirýär:
Çeşme: auca.kg

“Türkmengaz” Döwlet konserni kompaniýanyň zerurlyklary üçin material we tehniki serişdelerini satyn almak boýunça açyk bäsleşigini geçirýär:

Lot № 1 – “turbalar we metal önümleri”;

Lot № 2 – “elektrik tehniki enjamlar” (göçme barlaghanalar);

Lot № 3 – “kömekçi materiallar”.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplara Aşgabat ş., 1939 Arçabil şaýoly, 56, 13 gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça aşakdakylar teklip edilýär:

Gatnaşyjynyň doly adynyň, onuň hukuk derejesiniň, hasaba alnan ýurduň we hasaplaşyk hasaplarynyň görkezilmegi bilen ýazmaça arzalary tabşyrmak (offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da olarda bank hasaplaryna eýe bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär);

“Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Tenderi geçirmek düzgünlerinden” göçürmesi we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy bilen tanyş bolmak;

Lotlaryň görnüşleriniň sanawyny, şertnamanyň tehniki talaparyny we esasy şertlerini almak.

Bäsleşige gatnaşyjylar bäsleşige mugt esasda gatnaşmak üçin bir lot üçin 500 (bäş ýüz) amerikan dollar möçberinde ýa-da manat ekwiwalentinde (goşmaça gymmada bolan salgydy we bank çykdajylary hasaba alman) serişdeleriň tölegine hasap almaly.

Bäsleşik barada maglumatlary http://www.turkmengaz.gov.tm we http://www.oilgas.gov.tm saýtlaryndan ýükläp alyp ýa-da tanyşyp bolýar.

Elektron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm

Maglumat üçin telefon belgileri: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Bäsleşik boýunça teklipler 2024-nji ýylyň 27-nji dekabryna çenli ýerli wagt boýunça sagat 15:00 çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bildirişiň çap edilen gününden başlap doly bäsleşik teklibini (kesilen nyrhlary) öz içine alýan, mastika möhüri bilen tassyklanan bir sany ýapylan bukja ýokarda görkezilen salgy boýunça tabşyrylmaly we hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra garama kabul edilýär. Bäsleşik bukjasyna anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (“Word” görnüşinde) we tehniki-ykdysady görnüşleriniň sanawy (“Excel” görnüşinde) hökmany ýagdaýda goýulmaly.

Elektron poçtanyň salgysy: info@turkmengaz.gov.tm; odum@turkmengaz.gov.tm

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026