

“Türkmentel — 2024 -2024” Türkmenistanyň sanly tehnologiýalar boýunça iri meýilnamalary hödürlenýär
Şu gün her ýyl geçirilýän “Türkmentel-2024” atly halkara maslahatynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyşynda ýurduň we umuman sebitiň ösüşi üçin sanlaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Ol Türkmenistanda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatynda durmuşa geçirilýän möhüm taslamalar we geljek üçin meýilnamalar barada çykyş etdi




















