Habarlar

Küşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldyKüşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldy

Küşt olimpiadasynda erkekler topary Islandiýany ýeňdi, zenanlar topary bolsa Şweýsariýadan utuldy

Budapeştde (Wengriýa) geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynyň 8-nji tapgyrynda Türkmenistan topary 1-nji we 2-nji tagtalarda halkara derejeli ussat Saparmyrat Atabaýewiň we grossmeýster Meýlis Annaberdiýewiň ýeňişleri, şeýle hem 4-nji tagtada Allaýar Şirliýewiň deňme-deň oýnamagy netijesinde Islandiýany (ekiş sany – 46; ortaça reýting – 2483) 2,5: 1.5 hasabynda ýeňdi.

«Huawei Connect–2024» — sanly özgertmeler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri«Huawei Connect–2024» — sanly özgertmeler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

«Huawei Connect–2024» — sanly özgertmeler boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyndaky resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasarynyň “MKT ugurly hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek” bölüminiň müdiri jenap Sung Gang bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmakda we ýurduň ykdysadyýetiniň innowasion ösüşini üpjün etmek üçin MKT hünärmenleriniň başarnyklaryny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýärTürkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

Türkmenistan "Politehnik" belarus tehnologiýa parky bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenýär

19-njy sentýabrda Belarus Respublikasyndaky Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Respublikan innowasion unitar kärhanasy bolan Belarusyñ milli tehniki uniwersitetiniñ "Politehnik" Ylmy-tehnologiýa parkyna baryp gördi. Tehnologiýa parkynyñ Baş direktory Georgiý Werşina bilen geçirilen duşuşygyñ dowamynda bilelikdäki ylmy-tehniki we innowasion işiniñ mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Mejlisi ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Mejlisi ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Mejlisi ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Türkmenistanyň Mejlisi, ýurdumyzda ýerli öz-özüňi dolandyryşy kämilleşdirmekde özgertmeleri geçirmek hem-de öňegidişlikleri gazanmak ugrunda bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen Tegelek Stol duşuşygyny geçirdiler. Bu duşuşyk Türkmenistanda dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmeklige hem-de döwlet tarapyndan ilata berilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrylmagyna gönükdirilen dowam edip gelýän hyzmatdaşlygyň çäginde geçirildi.