Habarlar

Urumçide Hytaýyñ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ Ýokary kazyýet başlyklarynyñ ilkinji duşuşygy geçirildiUrumçide Hytaýyñ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ Ýokary kazyýet başlyklarynyñ ilkinji duşuşygy geçirildi

Urumçide Hytaýyñ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ Ýokary kazyýet başlyklarynyñ ilkinji duşuşygy geçirildi

Urumçide Hytaýyñ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyñ Ýokary kazyýet başlyklarynyñ duşuşygy geçirildi. Çäre 24-nji sentýabrda oña gatnaşyjylar tarapyndan beýannamanyñ kabul edilmegi bilen tamamlanyp, onda Hytaýyñ we Merkezi Aziýa döwletleriniñ arasynda kazyýet ugry boýunça hyzmatdaşlygynyñ pugtalandyrylmagy ähli taraplaryñ ösdürilmegine hem-de gülläp ösüşine, özara ynanyşmak we hoşniýetli goñşuçylyk, dostlukly gatnaşyklaryñ berkidilmegine mümkinçilik berer diýip bellenilýär.

Türkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň RF-ndaky Ilçihanasynda GDA-nyň çägindäki ulag hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

GDA-nyň çäginde ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň ulag boýunça utgaşdyryjy maslahatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Gennadiý Bessonowyň arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.