Habarlar

Medeni alyş-çalyşyň çäginde Brýusselde türkmen sungatynyň we däp-dessurlarynyň agşamy geçirildiMedeni alyş-çalyşyň çäginde Brýusselde türkmen sungatynyň we däp-dessurlarynyň agşamy geçirildi

Medeni alyş-çalyşyň çäginde Brýusselde türkmen sungatynyň we däp-dessurlarynyň agşamy geçirildi

Brýusselde Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan joşgunly medeni çäre geçirildi. Bu dabara medeni ulgamyň wekillerini, ýagny Merkezi Aziýanyň, Ýewropa Bileleşiginiň moda we sungat işgärlerini, şeýle hem bu ugurdaky dürli guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Bu çäre Medeniýet alyş-çalyş hepdeliginiň bir bölegi boldy we häzirki zaman sungat we moda görnüşleri arkaly türkmen däp-dessurlaryny goramagyň möhümdigini görkezdi.

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan halkara maslahaty geçirildiAnkarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan halkara maslahaty geçirildi

24-nji sentýabrda Ankarada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklar assosiasiýasy (EkoAvrasya) tarapyndan gurnalan “Türkmenistanyň garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Bu çäre, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň bellenilmegine we Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine bagyşlandy.