HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Osakada geçirilýän Bütindünýä sergisinde robot-awatarlar bilen tanyşdyrylar

Noýabr 21, 2024 | 15:50 |7626
Indiki ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda Osakada geçiriljek Ählumumy Expo sergisine baryp bilmedik adamlar bu ählumumy wakany uzak aralykdan dolandyrylýan robotlaryň gözi bilen tomaşa edip bilerler.Indiki ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda Osakada geçiriljek Ählumumy Expo sergisine baryp bilmedik adamlar bu ählumumy wakany uzak aralykdan dolandyrylýan robotlaryň gözi bilen tomaşa edip bilerler.
Çeşme: japannews.yomiuri.co.jp

Indiki ýylyň aprel-oktýabr aýlarynda Osakada geçiriljek Ählumumy Expo sergisine baryp bilmedik adamlar bu ählumumy wakany uzak aralykdan dolandyrylýan robotlaryň gözi bilen tomaşa edip bilerler.

Ählumumy Expo-2025 sergisi halkara sergilere gözegçiligi amala aşyrýan we olaryň geçirilmegini düzgünleşdirýän hökümetara guramasy bolan Halkara sergi edarasy tarapyndan guralýar. Indiki ýylda sergi aprel-oktýabr aýlarynyň dowamynda geçiriler.

Osakada halkara sergisiniň üçünji gezek geçirilişi bolar, ozal sergi 1970-nji, soňra 1990-njy ýyllarda geçirildi.

Kioto prefekturasynyň Öňdebaryjy telekommunikasiýa halkara ylmy-barlag institutynyň (ATR) topary tarapyndan “awatar” diýlip atlandyrylan robotlar serginiň dowamynda “Ýaşaýşyň geljegi” pawilýonynda ulanylar. Pawilýonyň döredilmegine Osaka uniwersitetiniň professory Hirosi Isiguro jogap berýär.

Pawilýonda ulanmak üçin 40-a golaý robot taýýarlanyldy. Internet arkaly uzak aralykdaky gatnaşyjylar üçin awatarlary dolandyrmakda özboluşly ulgam ulanylyp, onuň kömegi bilen awatarlary gerekli ýere geçirip bolýar. Onlaýn-gatnaşyjylar robotyň döşünde ýa-da başga böleginde ýerleşdirilen kamera arkaly pawilýonlara syn edip bilerler.

Şu günki gün robot-awatarlar öýden çykyp bilmeýän hem-de saglygy sebäpli hereketlerinde çäklendirilen adamlar üçin ulanylýar. Olar öz awatarlaryny ulanyp, okuw sapaklaryna we jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyp bilýärler. Alymlar topary bu sergä adamlaryň we robotlaryň bir gurşawda howpssuz ýagdaýda bilelikde ýaşap biljek geljekki jemgyýetiň tejribe synagy hökmünde garaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

Izmirde 22-nji halkara oba hojalyk sergisi «AGROEXPO 2027» geçiriler

14:45 Iýul 31, 2026
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026