

Kipr, Yrak we Hindistan bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.


27-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde “C5+1” görnüşindäki duşuşyk geçirildi.ýçýçýççüçü


Düýn, 27-nji sentýabrda Ankaranyñ iñ beýik binalary bolan Türkiýeniñ söwda-senagat palatasy we birža birleşiginiñ binasy we paýtagtyñ baş ajaýyplygy bolan "Atakule" gözegçilik diñi Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyñ Döwlet baýdagynyñ reñkine bezeldi.


«Yug-Neftegaz Private Limited» Aşgabatda 2024-nji ýylyñ 23-25-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Türkmenistanyñ nebiti we gazy» (OGT-2024) XXIX halkara maslahatynyñ we sergisiniñ kümüş hyzmatdaşy boldy.


Žanaozen-Kenderli-Türkmenistan bilen serhet awto ýolunda orta abatlaýyş işleri geçiriler. Bu barada Gazagystan Respublikasynyñ premýer-ministri Olžas Bektenowa Mangistau welaýatyna amala aşyran iş saparynyñ dowamynda habar berildi.


26-njy sentýabrda, penşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ netijesinde ýeñil senagat önümlerine isleg bildirildi.


26-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Serbiýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Marko Juriç bilen gepleşikleri geçirdi.


Çehiýanyň işewür wekiliýetiniň Aşgabat şäherine sapary şu ýylyň oktýabr aýynda meýilleşdirilýär. Bu missiýanyň Türkmenistan bilen Çehiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady işjeňligi höweslendirmek üçin ähmiýeti iki ýurduň daşary işler ministrleri – Raşid Meredow we Ýan Lipawski 26-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda bellediler.


26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Nýu-Ýork şäherine sapary başlandy.


46 ýurtdan 400-den gowrak halkra wekillerini ýygnan Türkmenistanyň Maýa goýum maslahatynyň (TIF-2024) üstünlikli geçirilenden soňra, Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2024” (OGT-2024) XXIX maslahatyny we sergisini kabul etmäge taýýarlanýar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşszylyk güni mynasybetli gutlady.


27-nji sentýabryň agşamsyna, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Moskwa şäherindäki Täze Arbat köçesinde ýerleşen köpgatly binalar çyra bezegleri arkaly türkmen milli baýdagynyň reňkine bezeler diýip, Russiýa Federasiýasynda Türkmenistanyň ilçihanasynda habar berdiler. Şeýlelikde, Russiýanyň paýtagty Türkmenistanyň baş döwlet baýarmçylygyny gutlar.


"Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyñ täze gün tertibi" atly GDA gatnaşyjy ýurtlaryñ seljeriş metkezleriniñ halkara maslahaty Daşkentde 26-njy sentýabrda geçirildi. Maslahat Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýasy uniwesitetinde bilermenleri ýygnady.


Mazari-Şarif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsuly Bazarbaý Käbäýew Owganystanyň Balh welaýatynyň gubernatory bilen geçirilen duşuşygynda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň import edilmegi, iki ýurduň arasyndaky demirýoluň işledilmegi, oňaýly ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we söwdagärler üçin şertleriň döredilmegi iki tarapyň tagallalary bilen ösdürilýändigi barada belledi diýip, Owganystanyň “AVA” agentligi habar berýär.


Moskwanyñ Bütinrussiýa daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynda türkmen halkynyñ beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyñ heýkeli oturdylar. Dabaraly çäräniñ geçirilmegi öñümizdäki hepdäniñ başyna, ýagny 30-njy sentýabryna meýilleşdirilen. Granit esasda bürünç heýkeliñ awtory Türkmenistanyñ Suratkeşler birleşiginiñ agzasy heýkeltaraş Zahid Babaýew.