HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri

Noýabr 22, 2024 | 23:55 |8963
22-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň gününiň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri hödürlenildi22-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň gününiň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri hödürlenildi
Çeşme: Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy

2024-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň gününiň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu çärede Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleri hödürlenildi. Türkmen kinosynyň güni Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň çäginde geçirilýär.

Açylyş dabarasyna Gruziýanyň degişli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy döredijilik işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

22112024-dni-turkmenskogo-kino-otkrylis-v-gruzii (5).jpg

Çäre režissýor M.Gylyjowyň “Kompozitor” atly filminiň görkezilişi bilen açyldy. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda döredilendigini aýratyn bellenip geçildi.

Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow, şeýle-de medeniýet işgäri, kinoçy Dali Okropiridze giriş sözleri bilen çykyş etdiler.

22112024-dni-turkmenskogo-kino-otkrylis-v-gruzii (3).jpg

Ilçi, türkmen kinosynyň Gruziýadaky günlerini guramakda we ony geçirmekde ýardam beren Gruziýanyň kino akademiýasyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Häzirki wagtda kino sungatynyň jemgyýetiň durmuşynda uly orna eýedigini aýdyp, Türkmen kinosynyň görkezilişiniň geçirilmeginiň Türkmenistan bilen Gruziýanyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagynda ýene bir ädim boljakdygyny belläp geçdi. 22112024-dni-turkmenskogo-kino-otkrylis-v-gruzii (4).jpg

Öz gezeginde D.Okropiridze türkmen kinomatografy bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlygyny bildirdi hem-de medeni gatnaşyklarynyň giňeldilmegine taýýardygyny beýan etdi. 22112024-dni-turkmenskogo-kino-otkrylis-v-gruzii (2).jpg

Şeýle-de çäräniň çäklerinde režissýorlar Arslan Eýeberdiýewiň “Istärin” we Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” atly kinolarynyň hem görkezilişi geçiriler. Türkmen kinolarynyň görkezilişi 2024-nji ýylyň 24-nji noýabryna çenli dowam eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026