HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Katar inklýuziw bilim ulgamy boýunça başlangyçlary işläp taýýarlamak barada maslahatlaşdylar

Noýabr 22, 2024 | 09:50 |6963
Türkmenistan we Katar bilelikdäki bilim başlangyçlaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Katar döwletine resmi saparyň çäklerinde bilim ulgamyndaky hyzamatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen katar bilim edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.Türkmenistan we Katar bilelikdäki bilim başlangyçlaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Katar döwletine resmi saparyň çäklerinde bilim ulgamyndaky hyzamatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen katar bilim edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistan we Katar bilelikdäki bilim başlangyçlaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Katar döwletine resmi saparyň çäklerinde bilim ulgamyndaky hyzamatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen katar bilim edaralarynyň wekilleri bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.

Mugallymlaryň hünär taýýarlyklaryny ýokarlandyrmakda bilelikdäki maksatnamalaryny döretmek mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, şeýle hem aýratyn bilim zerurlygy bolan çagalary goldamaga gönükdirilen inklýuziw bilim babatda başlangyçlaryň işläp taýýarlanylmagy saparyň esasy pursady boldy.

Halkara gatnaşyklar departamentiniň ýolbaşçysy hanym Laalei Abualfain hem-de Aziýa we Afrika işleri boýunça halkara gatnaşyklar bölüminiň müdiri hanym Amal Yousef Al Emadi bilen duşuşyklara aýratyn ähmiýet berildi. Maslahatlaşmalar iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklaryň giňeldilmegine, tejribe alyşylmagyna, ylmy barlaglaryň geçirilmegine hem-de akademiki maksatnamalaryň guralmagyna degişli boldy.

Türkmen wekiliýeti mekdep okuwçylaryň we talyplaryň halkara olimpiadalaryna we beýleki bilim başlangaçlaryna gatnaşmagyna höwes bildirdi. Türkmen tarapy okatmakda häziki zaman tehnologiýalaryň we çemleşmeleriň ulanylmagynda katar tejribesiniň öwrenilmegniň ähmiýeti barada belledi.

Mundan başga-da gatnaşyjylar Dohada 2023-nji ýylda gol çekilen ýaşlar bilen işleşmek boýuça özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň wajyplygy barada maslahatlaşdylar. Bu resminama ýaş hünärmenleri goldamak, tejribe alyşmak hem-de medeni we bilim özara gatnaşyklaryna ýardam edýän innowasiýa maksatnamalary işläp taýýarlamak üçin platforma hökmünde hyzmat edýär.

Saparyň ahyrynda türkmen wekiliýeti dialoga açyklygy üçin katar tarapyna minnetdarlygyny bildirip, ýetilen ylalaşyklaryň iki ýurduň bilim ulgamlarynyň bilelikde ösdürilmeginde täze gözýetimleri açjakdygyny belledi. Bu sapar Türkmenistanyň we Kataryň hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan isleglerini tassyklap, bilimiň durnukly ösüşiň we medeni hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde ösdürilmegine bolan umumy ygrarlylygyny açyp görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026