

Tramp Emeli aň üçin megaserwere niýetläp 500 mlrd dollar goýberilýändigi barada habar berdi
Donald Tramp ABŞ-nyň taryhynda Emeli aň infrastrukturasynyň iri taslamasy bolan Stargate taslamasynyň işläp başlandygy barada habar berdi.


Donald Tramp ABŞ-nyň taryhynda Emeli aň infrastrukturasynyň iri taslamasy bolan Stargate taslamasynyň işläp başlandygy barada habar berdi.


“La Gazette de Monaco” abraýly neşiri öz makalasyny Monte-Karlodaky 47-nji Halkara sirk festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşynyň üstünligine bagyşlap çap etdi. Bütin dünýäniň iň gowy sirk artistleriniň ýaryşýan festiwalynda “Galkynyş” topary “Altyn masgarabaz” iň ýokary baýragyny eýeledi.


Russiýanyñ we Türkmenistanyñ bilelikdäki taslamasy port erkin ykdysady zolagyñ binýadynda işläp başlar. Döwletler Astrahanyñ portlarynyñ hem-de Türkmenbaşynyñ portunyñ arasynda gämi gatnawly ugry döretmäge gyzyklanma bildirýärler.


2024-nji ýylda gaza bolan dünýä islegi 4,21 trln m3 iň ýokary derejede ösüp, öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2,8 % artdy.


21-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi E.Aýdogdyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara işler boýunça komitetiniň başlygy G.B.Karasin bilen duşuşygy geçirildi.


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) “Arkalaşyk” ady bilen täze halkara kino sungatynyň festiwaly dörediler. Bu başlangyç Gazagystan tarapyndan teklip edildi hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň goldawyny tapdy.


2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanaşdyryş dabarasy guraldy. Bu çärä jemgyýetçilik edaralaryň, diplomatik wekilhananyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdylar.


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň dowamynda 20-nji ýanwarda Şazada Alber II bilen duşuşyk geçirdi


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy


Türkmenistanyň milli parlamentiniň – Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şişenbe güni Kanadanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Kristofer Daggandan (oturýan ýeri Astana şäheri) ynanç hatyny kabul etdi


“Watan goragçylarynyň gününiň” öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.


21-nji ýanwarda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.


Donald Tramp ABŞ-niñ 47-nji prezidenti hökmünde duşenbe güni kasam berdi. Wezipä resmi ýagdaýda girişenden soñ, söz berişi ýaly, Donald Tramp köpsanly permanlara gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerinden we mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Işgärleri dolandyrmak edarasynyň çakylygy boýunça Ankara iş saparyny amala aşyrýar. Sapar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Işgärleri dolandyrmak edarasynyň arasynda Adam serişdesini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Bu Ähtnama 2023-nji ýylda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Ankarada gol çekildi.


19-njy ýanwar agşamsyna Monakodaky Kazino meýdançasynda Ralli boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýyl möwsümi dabaraly ýagdaýda başlady. Ýolbaşçylar, hyzmatdaşlar, sürüjiler we şturmanlar 93-nji Ralli Monte-Karlo ýaryşynyň öň ýanynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek hem-de pikir alyşmak üçin ýygnanyşdylar.