HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

“NATCO Trading FZCO” – “QACIS 2025” maslahatynyň altyn hemaýatkäri

Aprel 23, 2025 | 04:00 |5551
“NATCO Trading FZCO” “QACIS 2025” maslahatynyň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. On ýyllyk tejribesi bolan “NATCO Trading FZCO” dünýäniň nebit-gaz pudagynda ykrar edilen öňdebaryjydyr“NATCO Trading FZCO” “QACIS 2025” maslahatynyň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. On ýyllyk tejribesi bolan “NATCO Trading FZCO” dünýäniň nebit-gaz pudagynda ykrar edilen öňdebaryjydyr
Çeşme: TurkmenExpo

“NATCO Trading FZCO” “QACIS 2025” maslahatynyň altyn hemaýatkäri hökmünde çykyş eder. On ýyllyk tejribesi bolan “NATCO Trading FZCO” dünýäniň nebit-gaz pudagynda ykrar edilen öňdebaryjydyr. Kompaniýa üpjünçilik zynjyrlaryny işjeňleşdirmekde we halkara energetika bazarlary üçin ýokary hilli önümler bilen üpjün etmekde ýöriteleşendir.

Merkezi Aziýa, Ýastakyn Gündogar we Demirgazyk Amerika ýaly esasy sebitlerde işleýän “NATCO”, wagtynda eltip bermek we ýerinde goldaw berýär. Kompaniýa, önümçilik, saglygy goraýyş, dokma we azyk önümçiligi ýaly dürli pudaklara hyzmat edip, her ýylda 180 000 tonnadan gowrak nebithimiýa we oba hojalyk önümleriniň hereketini dolandyrýar.

“NATCO” özüniň durnuklylyga we ösen tehnologiýalara ygrarlydygyny görkezip, ýyllyk girdejiniň 6%-ni innowasiýa, ekologiýa taýdan arassa logistika we ulgamlary döwrebaplaşdyrmaga gönükdirýär. Kompaniýanyň wagtynda eltip bermek boýunça görkezijisiniň 95%-e deň bolmagy, olaryň ygtybarlylygyny we müşderlerine bolan ünsüni tassyklaýar.

“NATCO”-niň işiniň esasy ugurlary:

• Nebithimiýa: parafin, binýatlaýyn ýaglar, dizel ýangyjy, suwuklandyrylan uglewodorod gaz (SUG) we beýlekiler.

• Oba hojalygy: karbamid, kükürt, ýod erginleri, pagta süýümi, ýüplük, şeýle hem lukmançylyk önümleri we hasa.

“NATCO” giňişleýin çözgütleri hödürlemek we tehnologiýa hem-de maglumatlar arkaly üýtgeýän energetika bazaryndaky şertlere uýgunlaşmak arkaly üpjünçilik zynjyrynda öňdebaryjy hyzmatdaş bolmagy maksat edinýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026