

Katarda ýylyň şygaryna bagyşlanyp çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçihanasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli tanaşdyryş dabarasy guraldy. Bu çärä jemgyýetçilik edaralaryň, diplomatik wekilhananyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň wekilleri gatnaşdylar.



















