HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiada geçirildi

Aprel 22, 2025 | 12:45 |3462
16-17-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.16-17-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

16-17-nji aprelde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika we fizika derslerinden olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna we Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda guralan bu olimpiada 3 tapgyrda geçirildi.

Bäsleşigiň ilkinji tapgyry aprel aýynyň başynda etrap-şäherlerde degişli mekdeplerde guralyp, olarda her etrapdan we şäherden tapawutlanan 3 okuwçy 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşikleriň 2-nji tapgyry 8-nji aprelde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlaryndan jemi 600-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Bu tapgyrda okuwçylar sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly matematika we fizika derslerinden bilim derejelerini görkezdiler we has tapawutlananlar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Olimpiadanyň jemleýji 3-nji tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirildi. Bu tapgyrda gatnaşyjylara 7 mesele hödürlenildi. Olary çözmek üçin 180 minut wagt berildi. Jemleýji tapgyrda toplanan ballaryň jemi boýunça ýeňijiler kesgitlenildi. Olar diplomlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026