HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy

Aprel 23, 2025 | 05:40 |5770
22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlaryna saprynyň çäginde iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlaryna saprynyň çäginde iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy
Çeşme: president.kg

22-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlaryna saprynyň çäginde iş sapary bilen Gyrgyzystana bardy.

“Yssyk Kul” halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmany Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow garşy aldy.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berlişi ýaly, saparyň çäginde Sadyr Žaparow bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler, şeýle hem birnäçe medeni çärelere gatnaşmak meýilleşdirilýär.

Sişenbe güni Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdymuhamedow we Prezident Sadyr Žaparow Çolpan-Ata şäherindäki “Ruh-Ordo” medeni merkezine baryp gördüler.

Medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministri Mirbek Mambetaliýew “Yssyk-Kul” kölüniň kenarynda açyk asmanda muzeýiň döredilişiniň taryhy barada gürrüň berip, toplumyň çäginde kiçiräk gezelenç gurnady.

Merkeziň çägindäki gezelençde hormatly myhmanlar milli saz guraly görnüşindäki gämi duralgasyny synladylar. Bu ýerde olara komuzda saz çalmak ussatlygy görkezildi. Soňra Sadyr Žaparow ýokary derejeli myhmana gyrgyz aýdym-saz medeniýetiniň nyşany bolan komuz saz guralyny sowgat berdi, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň web sahypasynda habar berilýär.

7ffcc35b-0204-42b0-8904-c6df46861fd8.JPEG

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy milli hödür-keremleriň görkezilýän wagtynda kuurma çaýyny dadyp gördüler. Soňra bolsa toplumyň golaýynda ýerleşýän radon suwly çeşmesine tarap ugradylar. Ol ýerde Prezident Sadyr Žaparow suwuň bejeriş aýratynlyklary barada gürrüň berdi we Yssyk-Kul sebitinde saglyga peýdaly täsirleri bilen tanalýan müňlerçe şuňa meňzeş çeşmäniň bardygyny aýtdy.

9c242925-c9fb-4c2d-922f-84646e074883.JPEG

23-24-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çakylygy boýunça Samarkand şäherine sapar bilen barar.

Meýilleşdirilen gepleşikleriň gün tertibi – özbek-türkmen strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläkde pugtalandyrmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ilkinji nobatda syýasy, parlamentara, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibindäki derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmak bolar diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026