Habarlar

Gazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýärGazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystan Hazarüsti geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär

Gazagystany Azerbaýjan, Türkiýe we Gruziýa bilen birleşdirýän Hazarüsti geçelgesi halkara logistikanyň we ýük daşamalarynyň möhüm bölegi boldy. 2023-nji ýylda bu geçelgäniň üsti bilen ýük daşamalaryň möçberi 4,5 mln tonna çenli ýokarlandy. Bu hem geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 62% köpdür. Gazagystan 2027-nji ýyla çenli bu möçberi ýylda 10 mln tonna çenli ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär.

Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk ederLipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Lipeskiň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Aşgabatdaky IFT 2025 forumynda Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eder

Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji martda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” (IFT 2025) atly ilkinji Halkara forum geçirilip, ol 26 ýurtdan 200-den gowrak wekilleri ýygnar. Çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, daşary ýurt maýadarlary, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem ykdysadyýet we innowasiýa bilermenleri gatnaşar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutladyTürkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystany BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan boýunça Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezi” atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigi mynasybetli Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe gutlag ýollady

Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň DIM mart aýyndaky halkara forumlarynyň tertibini mälim etdiParahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň DIM mart aýyndaky halkara forumlarynyň tertibini mälim etdi

Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň DIM mart aýyndaky halkara forumlarynyň tertibini mälim etdi

Türkmenistan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ählumumy we sebit gün tertibiniň möhüm ugurlaryna bagyşlanan iri halkara forumlarynyň birnäçesini geçirmäge taýýarlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow 10-njy martda Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde mälim etdi