Habarlar

Diplomatlar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazandaky koworking merkezine baryp gördülerDiplomatlar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazandaky koworking merkezine baryp gördüler

Diplomatlar hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazandaky koworking merkezine baryp gördüler

Türkmenistanyň Kazan şäherindäki (RF) Baş konsuly Güýç Garaýew Tatarystanyň paýtagtynda akkreditlenen beýleki diplomatlar bilen bilelikde “Hoşniýetli Kazan” awtonom täjirçilik däl guramasynyň koworking merkezine baryp gördüler. Ol ýerde haýyr-sahawat guramasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada “Tatar-inform” habarlar agentligi belleýär.

YHG-niň durnukly ösüş boýunça forumy we onuň meýdançasyndaky duşuşyklarYHG-niň durnukly ösüş boýunça forumy we onuň meýdançasyndaky duşuşyklar

YHG-niň durnukly ösüş boýunça forumy we onuň meýdançasyndaky duşuşyklar

Şu gün Arkadag şäherinde YHG-niň durnukly ösüş boýunça 1-nji forumyň işiniň birinji güni tamamlandy. YHG-niň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bilelikde guralan bu çäre sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça tagallalary ösdürmäge gönükdirilendir