HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi sebitleýin howpsuzlyk meselesi we Owganystanyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 19, 2025 | 21:30 |4305
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropanyň Daşary syýasat işi gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory Paolo Pampaloniniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildiTürkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropanyň Daşary syýasat işi gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory Paolo Pampaloniniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropanyň Daşary syýasat işi gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory Paolo Pampaloniniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaýyň çäginde sebitleýin howpsuzlyk meseleleri üns merkezinde boldy. Türkmen tarapy özüniň bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan çemeleşmesini beýan etdi. Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy we durnukly ösüşi dikeltmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigi, şol sanda ynsanperwer kömegini hem-de parahatçylyk başlangyçlaryna goldaw berýändigi nygtaldy.

Türkmenistan–Owganystan demir ýolunyň gurluşygy hem-de täze energetika we ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu taslamalar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan tadurnuklaşmagyna we dikeldilmegine, şeýle hem sebitdäki aragatnaşygyň çuňlaşmagyna goşant goşup biljek strategiki taýdan möhüm şertler hökmünde görülýär.

Taraplar açyk syýasy dialogy ösdürmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Dowam edýän halkara çagyryşlaryň çäginde sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin parahatçylykly çözgütleriň, diplomatik tagallalaryň we durnukly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

Eýran Ormuz bogazyny dolandyrmak barada deslapky kanun taslamasyna seredýär

22:00 Awgust 07, 2026
Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

Tramp dogluş boýunça raýatlyk almaga hukugy bolan adamlaryň gerimini çäklendirýän iki ýerine ýetiriji permana gol çekdi

21:00 Awgust 07, 2026
Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

Ilon Maskyň Falcon 9 raketasynyň basgançagy Aý bilen çaknyşdy

19:00 Awgust 07, 2026