Habarlar

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdilerTürkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Hökümeti we BMG-niň Çagalar Gaznasy (UNICEF) ýene bir gezek hyzmatdaşlygyny berkidip, 12 hyzmatdaşy bilen 2025-nji ýyl üçin 11 sany täze iş meýilnamalara gol çekdiler. Bu ylalaşyklar Türkmenistanda çagalaryň we ýaşlaryň hukuklaryny we abadançylyklaryny Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli Meýilnamasyna we 2021-2025-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar Gaznasynyň ýurt boýunça maksatnamasyna laýyklykda öňe sürmekde umumy garaýyşlary beýan edýär.

Merkezi Aziýada suw hyzmatdaşlygyny şöhlelendirmek üçin kinematografçylar we wideografçylar üçin mümkinçilikMerkezi Aziýada suw hyzmatdaşlygyny şöhlelendirmek üçin kinematografçylar we wideografçylar üçin mümkinçilik

Merkezi Aziýada suw hyzmatdaşlygyny şöhlelendirmek üçin kinematografçylar we wideografçylar üçin mümkinçilik

Merkezi Aziýa üçin suw-energetika maksatnamasy (CAWEP) sebitiñ öwreniji kinematografçylaryny we wideografçylaryny wideoýazgylary döretmek bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bu bolsa öz döredijiligiñi we sebitde suw-energetika tematikasynynyñ wajyplygyny açyp görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Suw serişdeleri we energetika bu Merkezi Aziýa üçin derwaýys meselelerdir. Bu wideoýazgylaryñ döredilmegi bolsa maglumatlary ýaýratmaga, habarlylygy ýokarlandyrmaga hem-de bu meseleleriñ çözülmegine gyzyklanmany höweslendirmäge ýardam berip biler.