HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Adalatçysy Ýewropanyň Adalatçysynyň wekili bilen duşuşyk geçirdi

Iýun 19, 2025 | 21:20 |4511
Brýusselde geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Ýewropanyň Adalatçysynyň Kabinetiniň başlygy Lampros Papadiasyň arasynda duşuşyk geçirildiBrýusselde geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Ýewropanyň Adalatçysynyň Kabinetiniň başlygy Lampros Papadiasyň arasynda duşuşyk geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Brýusseldäki Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Brýusselde geçirilen Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Ýewropanyň Adalatçysynyň Kabinetiniň başlygy Lampros Papadiasyň arasynda duşuşyk geçirildi. Hünär gyzyklanmasy bilen geçirilen gepleşikler, Türkmenistan bilen ÝB-niň adam hukuklary boýunça guramalarynyň arasyndaky dialogyň täze, konstruktiw ösüşe eýe bolýandygynyň eýe bir tassyklamasy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar öz işleri barada maglumat alyşdylar, öz işleýän institutlarynyň döreýiş taryhy, esasy wezipeleri we raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Ýewropanyň Adalatçysynyň wekilleri türkmen tarapyny soňky ýyllyk hasabaty bilen tanyşdyrdylar, ÝB-niň ähli gurluşlarynda jogapkärçiligiň, aç-açanlygyň we paýhasly dolandyryş ýörelgelerini üpjün edip, institutyň Ýewropa Bileleşiginiň institutara guramasy hökmünde ähmiýetine ünsi jemlediler.

ombudsmen-turkmenistana-predstavitel-evropejskogo-ombudsmena (1).jpg

Ýazdursun Gurbannazarowa öz gezeginde häzirki wagtda üç sany ýöriteleşdirilen bölümden ybarat Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Institutyň 2017-nji ýylda döredilen gününden bäri halkara hyzmatdaşlaryndan goldaw alýandygy aýratyn nygtaldy. Türkmen tarapy mundan beýläk tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tejribä we Ýewropaly kärdeşleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi.

Iki tarap hem dialog üçin mümkinçiliklere ýokary baha berdiler we iki guramanyň arasyndaky hünär gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini, ikitaraplaýyn aragatnaşyklara we amaly çäreleri ýygy-ýygydan geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026