HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Goturdepede nebtiň we gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy

Iýun 20, 2025 | 15:20 |3463
Türkmenistanyň welaýatlarynda geologiýa gözleg işleri işjeň ösdürilýär. Netijede, gymmatly çig-mal gorlary artyp, ýurdumyzyň tebigy baýlygyny ýokarlandyrýar.Türkmenistanyň welaýatlarynda geologiýa gözleg işleri işjeň ösdürilýär. Netijede, gymmatly çig-mal gorlary artyp, ýurdumyzyň tebigy baýlygyny ýokarlandyrýar.
Çeşme: depositphotos

Türkmenistanyň welaýatlarynda geologiýa gözleg işleri işjeň ösdürilýär. Netijede, gymmatly çig-mal gorlary artyp, ýurdumyzyň tebigy baýlygyny ýokarlandyrýar. Energetika taýdan ösen döwletimiziň iň gadymy nebit we gaz ýataklarynyň biri bolan Goturdepe muňa mysal bolup durýar. Onuň baý gorlaryny rejeli ulanmak maksady bilen, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň “Lebapnebitgazgözleg” ekspedisiýasynyň işgärleri bu ýerde gözleg-barlag işlerini işjeň ýagdaýda alyp barýarlar.

Olaryň maksady Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyny özüniň ýokary zähmet üstünlikleri bilen dabaralandyrmakdyr. Olaryň taslama çuňlygy 3975 metre barabar bolan № 1907 guýysyndaky yhlasly zähmeti üstünlikli tamamlandy: 3658-3664 m aralykdaky çuňlykdan nebitiň we ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gymmatly çig-maly bolan gaz kondensatynyň öndürijilikli senagat akymy alyndy. Gözleg işleriniň üstünlikli tamamlanmagy ýatagyň gymmatly tebigy serişdeleri gazyp almakdaky uly mümkinçiligini tassyklaýar diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär.

Buraw desgasynyň başlygy Jumageldi Orazowyň aýtmagyna görä, bu işde buwarlaýjy Töre Bazarowyň, onuň kömekçisi Artyk Öwezgulyýewiň we ýokary taýýarlyga we baý iş tejribesine eýe bolan öňdebaryjy brigadanyň beýleki agzalarynyň tagallalary ulydyr. Olaryň kömegi bilen täze guýy “Goturdepenebit” nebitgaz çykaryş müdirliginiň işgärlerine ulanmaga berildi. Häzirki wagtda öňdebaryjy brigada Goturdepe ýatagyndaky nobatdaky № 1908 guýysynda buraw işlerini alyp barýar. Bu gazanan üstünlikler uglewodorod serişdelerini netijeli özleşdirmäge hem-de Türkmenistanyň sebitiň energetika pudagyndaky esasy gatnaşyjylarynyň biri hökmündäki orunlaryny berkitmäge gönükdirilen “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tagallalaryna goşant goşýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026