HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 21% ýokarlandy

Iýun 19, 2025 | 23:51 |4260
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň meýdançasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildiSankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň meýdançasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildi
Çeşme: government.ru

Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň meýdançasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildi.

“Rus-türkmen gatnaşyklary ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ruhunynda ösdürilýär. Golaýda geçirilen KazanForum-a türkmen tarapynyň aýratyn ähmiýet berendigi we oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşandygy üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Şu günki duşuşygymyzyň özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn. Gazanylan ähli ylalaşyklary ýerine ýetirmek ugrunda, halklarymyzyň bähbidine bilelikde işleri alyp bararys” – diýip, Marat Husnullin aýtdy.

67f0063d3304cd9ff3f932e962cf82ef_o.jpg

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary depgin bilen ösýändigini belläp geçdi. 2025-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda söwda dolanyşygy 21,4% artdy. Özara söwdany ösdürmek maksady bilen, taraplar häzirki wagtda hökümetara çäreleriň 2025-2027-nji ýyllar üçin meýilnamasyny taýýarlamak ugrunda işleri alyp barýarlar diýip, wise-premýer özüniň üstüni ýetirdi. Bu barada RF-iň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, senagat, energetika, oba hojalygy, medeniýet, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny kesgitlediler.

Halkara ulag geçelgelerin işjeň ösdürilmegiň çäklerinde, täze ugurlara, şol sanda Türkmenistandan Hytaýa we beýleki ýurtlara barýan ugruň mümkinçiliklerine garaldy. Geljegi uly taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşy portuna çykalgasy bolan Wolga-Hazar kanaly, şeýle hem “Demirgazyk – Günorta” halkara ulag geçelgesiniň çägindäki “Hazaryň Gündogar kenary boýunça geçelgesi” ugry görkezilýär.

Medeni ugurdaky hyzmatdaşlyk rus-türkmen gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Medeni çäreleri özara geçirmek däbiniň täzeden ýola goýulmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy. Geçen ýyl Türkmenistanda Russiýanyň medeniýet günleri geçirildi.

2a6e196ea9a4e50af00c90b13833b75b_o.jpg

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew duşuşykda gozgalan meseleleri konstruktiw ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan edip, bu duşuşygyň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

Eýran BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşmagy özüniň kanuny hukugy diýip atlandyrdy

19:00 Sentýabr 21, 2026
AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

AfD Meklenburg-Öňki Pomeraniýada, Çepçiler partiýasy bolsa Berlinde saýlawlarda ýeňiş gazandy

17:00 Sentýabr 21, 2026
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «Lindsi O. Greýmiň 2026-njy ýylda Russiýa we Eýrana garşy sanksiýalar» baradaky kanunyna gol çekdi

23:00 Sentýabr 20, 2026