

Türkmenistan azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmäge taýýar
Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 26-njy sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi.


Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 26-njy sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabat şäherine gelen Tatarstanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.


Aşgabadyň günorta böleginde Döwlet münberi toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş geçirildi. Ýöriş milli telewideniýe arkaly görkezildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramçylyyna Aşgabada gelen Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.


Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler bilen duşuşdy. Myhman günorta uralyň wekiliýetina baştutanlyk edip, sapar bilen Aşgabada geldi.


Günorta Uralyň wekiliýetiniň Aşgabada saparynyň çäklerinde Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksler Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Onuň ýanynda sebitiň öňdebaryjy kärhanalarynyň ýolbaşçylary bolýar diýip, Çelýabinsk oblastynyň hökümetiniň metbugat-gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň DIM-de ABŞ-nyň Merkezi karargähiniň, ABŞ-nyň Milli gwardiýasynyň edarasynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň täzeden dikeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasynyň Baş direktory Muhammetmyrat Amanow TOPH taslamasynyň dolandyryş komitetiniň ýygnagynyň ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriljekdigini habar berdi – diýip, Pajhwok habarlar agentligi habar berýär.


Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Bouygues, Vinci Construction Grands Projets, Cifal fransuz gurluşyk kompaniýalarynyň we Dubaýyň hökümetine degişli Dragon Oil nebit kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.


“Türkmendemirýollary” agentliginiň mejlisler zalynda ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň ýygnagy geçirildi. Ýurduň garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasyndaky ýygnak baýramçylyk ruhuna beslendi - özygtyýarlylygyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda bu pudakda möhüm waka bolup geçdi, ýagny döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda ýurduň dört sebitinde täze ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabaralary geçirildi.


Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka Puşkin medalyny gowşurdy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Döwlet geňeşiniň mejlisinde: "Biz ulag we aragatnaşyk pudagyna halk hojalygynyň intensiw ösýän we geljegi uly pudagy hökmünde aýratyn üns berýäris" – diýdi.


Şenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň welaýatlarynyň dördüsiniň dolandyryş merkezlerinde awtobus menzilleriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


Anna güni 23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda umymy bahasy $1,6 million we 11,5 million manat bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ählumumy häsiýete eýe bolan we şol sanda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly emele gelen maliýe-ykdysady çökgünligi aradan aýyrmak maksady bilen görlen çäreleriň üstünlikli bolandygyny aýtdy.