Türkmenistan we ABŞ harby edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamalaryny täzeden dikeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar


Türkmenistanyň DIM-de ABŞ-nyň Merkezi karargähiniň, ABŞ-nyň Milli gwardiýasynyň edarasynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň täzeden dikeldilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Gepleşikler wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de general-maýor, Montana ştatynyň general-adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň serkerdebaşysy we Montana ştatynyň harby işler boýunça Departamentiniň direktory Jon P.Hronekiň gatnaşmagynda geçirildi.
Taraplar harby hyzmatdaşlygy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kadalaryna hem-de ýurdumyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda ösdürmäge we pugtalandyrmaga taýýardyklaryny aýtdylar.
Hyzmatdaşlyk hakynda agzalan Maksatnamanyň çäklerinde ozal ABŞ-nyň hem-de Türkmenistanyň harby edaralarynyň arasynda birnäçe netijeli özara alyşmalar, okuwlar we başlangyçlar geçirildi, şolary Newada ştatynyň milli gwardiýasy ýerine ýetirdi. Çäreler Aşgabatda hem-de Türkmenistanyň çäklerinden daşarda geçirildi.
Şeýle hem taraplar şu ugurlarda:
– tebigy heläkçiliklere we adatdan daşary ýagdaýlara seslenmek hem-de olaryň täsirlerini aradan aýyrmak,
– kiber-gorag we howpsuzlyk,
– inženerçilik we gurluşyk işler we beýlekiler boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garadylar.
ORIENT news
Foto: milligosun.gov.tm








