HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmäge taýýar

Sentýabr 28, 2022 | 21:47 |9411
Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 26-njy sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi.Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 26-njy sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi.
Çeşme:

Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 26-njy sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi.

Ol gapma-garşylyklary we düşünişmezlikleri çözmegiň ýeke-täk usuly diýip gepleşikleri belläp geçdi, hem-de ykdysady we gumanitar gatnaşyklary dikeltmäge çagyrdy.

– Birleşen Milletler Guramasyna hiç hili alternatiwa ýok, – diýip, bellemek bilen, Ataýewa howpsuzlygyň bütndünýä binagärliginiň çynlakaý synaglary başdan geçirýändigini duýdurdy. Köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga päsgel berýän çylşyrymly proseslere ünsi çekip, ol gepleşikler üçin bar bolan platformalary berkitmegiň we derwaýys global meseleler boýunça hökümetara gepleşikler üçin täzelerini döretmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny aýtdy.

Halkara gatnaşyklarynda bir-birege bolan ynama esaslanýan gepleşik pelsepesini mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Baş Assambleýa "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly Rezolýusiýanyň taslamasyny teklip etmegi meýilleşdirýär.

Global azyk howpsuzlygyna abanýan howplar barada alada bildirip, Hemişelik wekil halkara jemgyýetçiligini bütindünýä azyk bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge we iň ejiz ýurtlary azyk bilen üpjün etmek baradaky çylşyrymly meseläniň çözgütlerini bilelikde gözlemäge çagyrdy. Bu maksat bilen Ataýewa Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmegi teklip etdi.

Ataýewa Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi we suw bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy we Merkezi Aziýa döwletleri üçin howa tehnologiýalary sebit merkezini döretmäge çagyrdy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak borjuna ygrarlydygyny ýene bir ýola tassyklady.

COVID-19 infeksiýasyna garşy göreş we lukmançylyk diplomatiýasy üçin gurallary döretmek bilen birlikde, netijeleri utgaşdyrylan tagallalary talap edýän pandemiýa temasy-da gozgaldy.

ORIENT news
Foto: un.org

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026