HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda 500-den gowrak desgalaryň gurulmagy 30 müňden gowrak iş orunlaryny açmaga mümkinçilik berer

Sentýabr 25, 2022 | 05:58 |16631
Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ählumumy häsiýete eýe bolan we şol sanda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly emele gelen maliýe-ykdysady çökgünligi aradan aýyrmak maksady bilen görlen çäreleriň üstünlikli bolandygyny aýtdy.Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ählumumy häsiýete eýe bolan we şol sanda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly emele gelen maliýe-ykdysady çökgünligi aradan aýyrmak maksady bilen görlen çäreleriň üstünlikli bolandygyny aýtdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Döwlet Maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ählumumy häsiýete eýe bolan we şol sanda koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly emele gelen maliýe-ykdysady çökgünligi aradan aýyrmak maksady bilen görlen çäreleriň üstünlikli bolandygyny aýtdy. Karz bermek we maýa goýumlary özleşdirmek arkaly mundan beýläkki durmuş-ykdysady ösüş üçin berk ykdysady binýadyň düýbi tutuldy.

2011-2021-nji ýyllar döwründe ykdysadyýete goýlan karzlaryň jemi möçberi 17,2 milliard manatdan 106 milliard manada çenli köpeldi. Şolaryň hasabyna ýokary tehnologiýaly önümçilikler hem-de häzirki zaman infrastruktura döredildi.

Türkmenistanyň 2022-2028-nji ýyllar döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösüş strategiýasynyň çäklerinde 278,9 milliard manady özleşdirip, önümçilik binýadyny pugtalandyrmak we aýlyk zähmet haklaryny 1,8 esse artdyrmak maksat edinilýär. 500-den gowrak önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy 30 müňden gowrak iş orunlaryny açmaga, senagatyň çig mal we gaýtadan işleýän pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de önümçiligiň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem halkara maliýe düzümleri, şol sanda BSG bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meýilleşdirilýär diýlip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026