

Adamlary, ýurtlary we yklymlary birleşdirýär: Aşgabat forumynyň gün tertibinde – ulag
Sanlyja günden başlanýan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşjak delegatlaryň 400-den gowragy hasaba alyndy.


Sanlyja günden başlanýan “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: Baglanyşyklylyk we ösüş” atly halkara maslahatyna gatnaşjak delegatlaryň 400-den gowragy hasaba alyndy.


Ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň netijeleri boýunça resminamalara gol çekmek dabarasy “Kuksaroý” kabulhanasynda geçirildi.


Penşenbe güni Daşkentde ýokary derejede geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berildi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet sapary we Özbegistan Respublikasynyň baştutany Şawkat Mirziýoýew bilen gepleşikler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ikiçäk gepleşikleriň çäklerinde Özbegistanyň baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda jogap sapary bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy diýip, özbek lideriniň metbugat gullugy habar berýär.


Google Play-de Android platformasyndaky enjamlar üçin täzelenen ORIENT programmasy elýeter boldy. Indi bu programmada habarlar türkmen dilinde hem ýerleşdirilýär, surat we wideoýazgylaryň hili ýokarlandyryldy, şeýle hem, başga birnäçe üýtgeşmeler girizildi. Bu bolsa täzelikler bilen tanyşlyk pursatlarynyň has-da amatly bolmagyna mümkinçilik döreder.


Çarşenbe güni, 13-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Dokma ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli nah ýüplükler eksporta satyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenistanyň Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawod geçen alty aýyň dowamynda meýilnamany 120,8% ýerine ýetirdi.


Paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Kataryň we Omanyň hökümetleriniň arasynda bu ýurtalaryň arasynda ulag geçelgesini döretmek hakynda ylalaşyk boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.


"Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda" atly halkara festiwaly şu ýylyň güýzünde, ýagny 11-14-nji oktýabry aralygynda Türkmenabat şäherinde (Lebap welaýaty) geçiriler.


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BAE-niň Energetika we infrastruktura ministri Suhaýl Al Mazrui bilen energiýa ulgamy ýaly strategiki ugurda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.


Hazaryň kenarýaka zolagyndaky (Balkan welaýatynyň Esenguly etraby) Uzynada nebitgaz käninde 7300 metr bolan täze has çuň guýy burawlanyp başlandy. Munuň nebit käniniň barlanan çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigine garaşylýar. Ozal oňa bilermenler, takmynan, 5 million tonna diýip baha berdiler.


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi, resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Halkara sambo federasiýasy bilen bilelikde, Aşgabatda sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirerler. Ýaryşlar 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Olimpiýa şäherjiginiň söweş sungatlary sport toplumynda geçiriler.


Özbegistan bilen Türkmenistan Buharada geçirilen ilkinji sebitara forumda 451 million dollarlyk maýa goýum we söwda şertnamalaryna gol çekdi. Bu barada Özbegistanyň Maýa goýum we daşary söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar – diýlip, Özbegistan Respublikasynyň resmi saýtynda habar berilýär.