China Daily: Hytaýyň täze partiýa ýolbaşçylygy halky döwrebaplaşdyrmaga ylham berer


China Daily , 20-nji Kommunistik partiýa gurultaýynyň netijelerine esaslanyp, Hytaý Kommunistik Partiýasynyň (HKP) Merkezi komitetiniň baş sekretarlygyna saýlanan Si Szinpin, Hytaý Kommunistik partiýasynyň 20–nji ýygnagynyň Pekinde geçirilen ilkinji umumy mejlisinde, 2035-nji ýyla çenli Hytaýy häzirki zaman sosialistik ýurda öwürmekde ösüşiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny we Hytaýyň ähli tarapdan şu asyryň ortalaryna çenli beýik sosialistik güýje öwrüljekdigini belledi.
Täze ösüş döwrüne gadam basan Hytaý Kommunistik partiýasy ýurduň halkynyň bähbidi üçin hereket etmegi, şeýle hem ähli halklar bilen parahatçylyk, ösüş, adalat, demokratiýa we azatlyk ýaly umumy adamzat gymmatlyklaryny goramak üçin bilelikde işlemegi maksat edinýär.
Hytaý Halk Respublikasy ösüşiň indiki tapgyry ähli raýatlary oňat iş we ýaşaýyş şertleri bilen üpjün etmekde we gülläp ösýän, güýçli, demokratik we medeni taýdan ösen häzirki zaman sosialistik ýurt gurmagyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar diýip hasaplaýar.
“China Daily” habar gullugynyň neşirine görä, Kambojadaky BELTEI halkara uniwersitetiniň professory Jozef Metýus Hytaýyň täze döwrebaplaşdyryş ýolunyň, umumy abadançylygyň we adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklaryň global ösüşe gönüden-göni oňyn täsir eder diýip belleýär.
ORIENT news
Surat: China Daily








