HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynda duşuşyk geçirdi

Oktýabr 24, 2022 | 16:15 |7810
Düzüminde döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriň agzalary bolan türkmen wekiliýeti Tbiliside Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani bilen duşuşdy.Düzüminde döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriň agzalary bolan türkmen wekiliýeti Tbiliside Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani bilen duşuşdy.
Çeşme:

Düzüminde döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriň agzalary bolan türkmen wekiliýeti Tbiliside Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň esasy maksady energetika pudagynda häzirki ýagdaýlary hem-de geljekde gatnaşyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp malahatlaşmakdan ybarat boldy. Garalan meseleleriň hatarynda üstaşyr geçirmek amallaryny ýönekeýleşdirmek we Türkmenistandan iberilýän nebit önümleriniň möçberini artdyrmak, olaryň Gruziýada gaýtadan işlenilmegi hem-de saklanylmagy bilen baglanyşykly düzümleýin taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek baaradaky meseleler boldy diýip, Gruzin KHBS ýazýar.

Georgiý Çikowani myhmanlary Gruziýayň nebitgaz korporasiýasynyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy, tebigy gazdan öndürilen önümiň söwdasy bilen birlikde, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň wajypdygyna üns çekdi.

Taraplar hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny beýan etdiler hem-de bilelikde işlenilmegini depginli ösdürmegi isleýändiklerini aýtdylar. Duşuşyga Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwlet Myratow gatnaşdy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary geçen hepde Gruziýanyň DIM-de daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen hem duşuşyk geçirdi, birnäçe beýleki edaralarda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we olaryň üstaşyr kuwwatyny netijeli ulanmaga bagyşlanan ikitaraplaýyn gepleşikler boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026