Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda ýerli we halkara habar beriş serişdelerinden metbugat topary dörediler
Oktýabr 24, 2022 | 14:55 |4590


Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow içerki we halkara habar beriş serişdeleriniň žurnalistleriniň gatnaşmagynda ýurduň Daşary işler ministrliginiň çäginde metbugat topary (Press Pool) döretmegi teklip etdi. TDH gullugynyň habar bermegine görä, bu Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda mälim edildi.
Ministr mejlisdäki hasabatynda Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň metbugat attaşeleri bilen özara gatnaşygy güýçlendirmek we öňdebaryjy sebit we halkara habar beriş serişdeleri bilen öndürijilikli aragatnaşygy guramak meýilnamalary barada hem durup geçdi.
ORIENT news
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








